Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar

«Owwal başda Kadyr Alla,

Senden bir kerem islärin».

Berseň köňle jaý bir perzent,

Kalpdan, megerem islärin.

***

Ýazgydym agyrmy çenden,

«Hezl etmedim dünýe senden»,

Otuz bäş ýaş ötdi menden,

Gadyrdan perzent islärin.

***

Bolmak üçin arslan ýürek,

Hemem  ömrüme janserek[1],

Gidemden soň maňa derek,

Nesil, dowamat islärin.

***

Çaga görsem bolup maýyl,

Kysmatyma däl men kaýyl,

Öwlatlyk bolsa-da saýyl[2],

Göwne jigerbent  islärin.

***

Ömri otuz bäş gädeli,

«Taňry bermese, nädeli»,

Umytly gadam ädeli,

Garagöz öwlat islärin.

***

Kalbymyň mydama zary,

Höwesi hem intizary,

Göwni ýarym bolmaz ýaly,

Eýjejik bala islärin.

***

Çagasyz örmezlik üçin,

Kemsinip ýörmezlik üçin,

Kem güni görmezlik üçin,

Bir ajap perzent islärin.

Kalbyma güneş islärin.

[1] JANSEREK [ja:nserek] – 2. göçme manyda aladaçyl. Seret: Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. Iki tomluk. I tom. A–Ž. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2016.616-njy sahypa.

[2] SAÝYL [sa:ýyl] – mätäç, gedaý. Seret: Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. Iki tomluk. II tom. K–Z. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2016. 274-nji sahypa.

                                                                     Toýly Jänädow

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy