Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşan, türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr.

Magtymguly örän parasatly, gepe çeper, märekesöýen adam bolupdyr. Ol özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdyr, akyl-paýhasy bilen köp adamlary terbiýeläpdir.

Magtymguly döredijilik işine ýaşlykdan başlapdyr. Goşgy düzmekde köp zady kakasy Döwletmämmet Azadydan öwrenipdir. Magtymguly goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlislerde  okap berip, adamlary gahrymançylyga, ar-namysly, hüşgär bolmaklyga  çagyrypdyr. Onuň ylham çeşmesi halk we onuň güzerany bolupdyr.

Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşy goşgular esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ol çilim çekmek, nas atmak, ogurlyk, nähak gan dökmek ýaly pes häsiýetlere garşy göreş alyp barypdyr. Özüniň goşgularynda (“Kyly-kal bolar”, “Düýşüne degmez”, “Çilimkeş”, “Nas atan”) olary rehimsiz ýazgarypdyr. Şol göreşde çeper dili ýarag hökmünde ulanypdyr.

Şahyr “Nas atan” şygyrynda nas atanyň hapysaçylygyny görkezip, ony masgaralaýar we şu kärini taşlamaga çagyrýar:

Akar durar üsti-başyň poh eder,

Senden gaçar deňi-duşuň, nas atan!

Şahyr özüniň eserlerinde gybatkeşligi, töhmeti iň bir ýaramaz häsiýet hökmünde ýazgarýar:

Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,

Agyrtmagyl ili-günüň, gybatkeş.

Magtymguly ýaman häsiýetleri ýazgarmak bilen, erbetlikleri  tertibe salmaga synanyşypdyr. Şahyr gelin-gyzlaryň edepli, päkize, mylaýym bolmagyny isläpdir, ata-enäni sylamaýan, hapysa gelin-gyzlary ýazgarypdyr.

Bardyr gözel, sirke basar saçyny,

Artmaz-ýuwmaz tabagynyň  daşyny,

Sylamaz atasyn, ene ýaşyny

Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.

Magtymguly ýaramaz häsiýetlere garşy göreşmek temasyny edebiýatda giň möçberde işlän şahyrdyr.

Şahyryň döredijiliginde adamlarda oňat häsiýetleri terbiýelemekde uly orny öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlar tutýar. Bu temadan Magtymguly “Janyna degmez”, “Durasyň geler”, “Ýör biläni”, “Il ýagşy”, “Zor bolar”, “Bolar sen””, “Aýrylma” ýaly onlarça şygyr ýazypdyr. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr.

Adam bar müň tümen iýdirseň azdyr,

Bardyr adam – iýen nanyna degmez.

Şahyr oňat häsiýetleri ündände, ýaramaz häsiýetleri ýazgaranda, wagyz-nesihat etmek tärinden peýdalanýar. Magtymguly oňat-gylyk häsiýetler adamyň bezegi diýip düşünipdir. Magtymguly hakyky watançy hökmünde türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna, baýlygyna, batyr ýigitlerine guwanypdyr.

Akyldar şahyr Magtymguly gelin-gyzlaryň akylly, pähimli edepli bolmaklaryny isläpdir, olaryň mertebesini ýokary tutupdyr. Bu onuň “Durasyň geler” diýen goşgusynda örän çeper berilýär:

Gözel bardyr gözellerden zyýada,

Onyň gullugynda durasyň geler,

Edepli-ekramly, mylaýymzada,

Tä ölünçäň bile ýöresiň geler.

Beýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji E.E.Bertels ony Jemşidiň jamy bilen deňeşdirýär. Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy, bilmek isleýän meseläňi tapmak bolýar. Magtymguly türkmen klassyky edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan genial şahyrdyr.

Gökbaýew Ýagşymyrat,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.