1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar etmek we goldamak baradaky Rezolýusiýasy kabul edildi. Bu gurama agza bolan 185 döwletiň biragyzdan tassyklan resminamasy Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdigini dünýä ýüzüne äşgär etdi.

Dünýä bileleşiginiň goldamagynda Garaşsyz Türkmenistanyň eýe bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde we dünýäde abadançylygy pugtalandyrmakda, dünýä ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy, durnuklylygy saklamakda möhüm orny eýeleýär. Şonuň netijesinde hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» ikinji gezek ykrar edildi. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyksöýüjilik syýasatynyň ýene-de bir gezek dabaralanmasydyr.

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bolsa, Watanymyzyň dünýä giňişligindäki ýokary abraýynyň, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň dünýä bileleşigine goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistan Bitaraplyk taglymatyny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, özüniň syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny tutuşlygyna ählumumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýar. Türkmenistan döwletimiz häzire çenli dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Biziň ýurdumyz halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen, halkara konwensiýalaryň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň hem 170-e golaýyna gatnaşýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrýan, halkymyzyň asuda, parahat, abadan durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Bilbil HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.