Merdana türkmen döwletiniň berkararlyk sütünleriniň biri bolan hemişelik Bitaraplyk öz gözbaşyny gadymy döwürden alyp gaýdýar. Muňa ata-babalarymyzyň goňşy halklar bilen agzybir, parahat ýaşamaga esaslanan ýörelgeleri hem doly şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň: ”Bitaraplyk – bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr” diýen sözleri türkmen halkynyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik däpleriniň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýandygyny gezek äşgär edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz tutuş dünýä ýüzünde, sebitde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, birek-birege ynanyşmagyň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe. Hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan ata ýurdumyz ençeme halkara guramalarynyň işjeň agzasy bolmak bilen öz üstüne alan borçnamalaryny dolulygyna ýerine ýetirip gelýär. Ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalary daşary döwletleriň birnäçesinde hereket edýär. Dünýä ýüzünde parahatçylygyň, ynsanperwerligiň dabaralanýan mekany hasaplanylýan Türkmenistan döwletimiz dünýä halklary bilen dostana gatnaşyklary alyp barýar we ýurdumyzyň netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmaklygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň uly orny bardyr. Bitaraplyk taglymaty döwletimiziň asudalygyna, birek-birege sarpa goýmak ýaly ýörelgelerine, syýasy jemgyýetçilik ýagdaýyň durnuklylygyna, jemgyýetiň jebisligine, halkymyzyň agzybirligine, ykdysady ösüşiň ilerlemegine, raýatlaryň erkinliginiň, azatlygynyň, hukuklarynyň kanun esasynda berkidilmegine esaslanýan daşary syýasatynyň dabaralanmasynyň kepilidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uludan belleniljek Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygy eziz Watanymyzyň taryhynda örän möhüm senedir, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan öňe sürülýän ählumumy başlangyçlaryň kemal tapmagydyr. Türkmenistan döwletimiziň sebitde ýüze çykýan meseleleriň öňüni almakda we çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen birlikde işlemek tejribesi bar. Bitaraplyk – ata Watanymyzyň goýnunda merdana halkymyza ruhy güýç berýär, şeýle-de ylymly ýaşlaryň kemala gelmeginiň kämil şerti bolup çykyş edýär. Şeýle bagtyýar eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hemişe parahat bolsun, halkymyza abadançylyk ýar bolsun, mähriban Watanymyzyň gadamlary batly bolsun!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň II ýyl talyby.