Ata -babalarymyz arap hurmasyny gowy görüp iýipdirler. Ramezan aýynda bu ajaýyp miwe bilen agzyňy açmak gadymdan däp bolup gelýär. Bişen hurma miweleriniň görnüşine görä sary, gyzyl, goňur reňkleri tapawutlanýar. Hurmalaryň guradylandygyny olaryň daşky görnüşinden anyklap bolýar. Daşy näçe ýumşak bolsa miwe şonça ter bolýar.
Hurma jadyly miwe hasaplanýar. Onuň syry köpdürli witamin we minerallara baýdygydyr. Onuň düzüminde beýleki miwelerde duşmaýan 23 sany aminokislota bardyr. Arap hurmasynyň günde 2-3 sanysy iýip durulsa ol bedeniň kesellere çydamlylygyny artdyrýar. Miwäniň düzümindäki fruktoza şeker ornuny tutup bilýär. Başgada onda magniý, kaliý we kalsiý ýaly birnäçe peýdaly minerallar bar. Ol minerallar süňk dokumasynyň keselleriniň we süňk owranmasynyň öňüni alýar. Düzümindäki kletçatka bolsa gandaky şekeriň mukdarynyň kadaly saklanmagyna kömek edýär. Hurma miwesi ýokanç kesellerden goranmaga we bakteriýalara işjeň garşy durmak häsiýetine hem eýedir. Gaýnadylan hurma dänesinden we ýapraklaryndan taýýarlanan içgi melhemi köp kesellere garşy immuniteti has berkidýändigi subut edilendir.

Durdyyew Jumasoltan,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby