Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Watanymyzyň binýadyny berkidýän, il-ýurt bähbitli işleriň rowaç alýan täze eýýamy. Milli Liderimiziň pähim paýhasy bilen Türkmenistanyň durmuş ykdysady ýagdaýy ýokary derejede ösýär, özgerýär, ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolanymyzdan soňra, edebi mirasy öwrenmek işi düýpli ýola goýuldy. Türkmen alymlary munuň üstünde köp işleri amala aşyrýarlar. Türkmen edebi mirasynyň esasy bölegini akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi tutýar.
Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýar. XVIII asyrdan bäri Magtymguly her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda ýaşap gelýar. Türkmen diýlende, Magtymguly, Magtymguly diýlende, türkmen diýen söz biygtyýar ýadyňa düşýär.
Şahyr nusgawy edebiýatyň ösüşine öran uly goşant goşdy.Magtymguly sözüň doly manysyndaky nusgawy edebiýaty esaslandyrdy.Bu barada Ý.E.Bertels şeýle ýazýar:
,,Eger belli bir halkyň belli bir döwürdäki mahsus sypatlaryny has mahsus suratda görkezýänligi manysynda edebiýata ,,nusgawy” edebiýat diýlip at berilmegi türkmen edebiýaty barada ulanylmakçy bolsa, onda, elbetde, şol at XVIII-XIX asyrlaryň türkmen edebiýatyna berilmelidir, ol edebiýatyň has aýdyň we mahsus wekili bolsa türkmen halky tarapyndan henize çenli-de örän hormatlanýan şahyr Magtymguly bolupdyr”.
Magtymgulynyň esaslandyran edebi mekdebi öz döwründe-de, ondan soň hem edebiýatyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýardam edipdir hem-de Seýdi, Mollanepes, ýaly görnükli söz ussatlarynyň hem-de beýleki ençeme şahyrlaryň halypasy bolupdyr. Halk rowaýatlarynyň birinde aýdylyşyna görä, geçen asyrda şahyrlaryň birnäçesi gürrüňçilige ýygnanýarlar. Gürrüňçilik gyzyşyp, edebiýat barada söz açylanda, kimdir biri ,,Indi näme hakda ýazmaly?” diýen soragy orta atýar.Şonda Kemine ,,Magtymguly söz meýdanyny oragyny orup gitdi. Indi bize onuň hoşasyny çöplemek galdy” diýip jogap berýär.
Görnüşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň ussatlygy halk rowaýatlarynda hem belli bolýar. Söz ussadynyň ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýalydyr, ýagny ol halkyň gündelik ýaşaýşynyň ähli meselelerine seslenip, ol barada pikir ýöredipdir. Şonda ol il-ýurdyň umumy keşbini, watançylyk, ahlak gahrymançylyk duýgularyny, adamkärçilik sypatlaryny we beýlekileri çeper görnüşde beýan edipdir. Diňe bir beýan etmek hem däl, eýsem olary orän dogruçyl hem anyk görkezilmegi-de başarypdyr. Ine, şonuň üçin hem Ý.E.Bertels beýik akyldaryň döredijiligini Jemşidiň Jamyna meňzedipdir. Miflerde aýdylyşyna aýdylyşyna görä, gadymy Eýran şahyrlarynyň biri Jemşidiň bir jadyly jamy bolup, haçanda onuň gyrasyna kakanda, dünýäniň ähli ýerini görüp bilenmiş.
Jemşidiň Jamyna deňelen beýik Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi örän baýdyr.Söz ussadynyň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan eserleri, onuň ýaly şahsyýeti belent adamkärçiligiň, watançylygyň, salykatlylygyň nusgawy bolup, türkmen halkynyň arasynda ýaşap gelýar. Daýhan, işçi, gullukçy – bütin halk özüniň idegini ussadyň şygyrlaryndan tapýar. Umuman, şahyryň döredijilik meýdanynyň çägi asman giňişligi ýaly serhetsizdir.
Magtymgulynyň döredijiliginde türkmen tirelerini birleşdirmek, mähriban topragy keseki basybalyjylardan gorap saklamak, ynsan mertebesini ýokary götermek ideýasy aýratyn öňe çykýar. Şeýle-de, şahyryň döredijiligi diňe tema baýlygy bilen tapawutlanman, eýsem çeperçilik tärleriniň ulanylyşy taýdan hem haýran galdyrýar.

Gülälek GELDIMYRADOWA,
Ýagsygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň
Senagat gurluşygy we geodeziýa kafedrasynyň Öwreniji-mugallymy.