Rowaç menzillerde belent maksatlary nazarlaýan döwletimizde badalga berilýän durmuş-ykdysady özgertmeler ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösmegini, ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyny, batly gadamlar bilen öňe gitmegini şertlendirýär. Taryhy tutumlar ata Watanymyzyň berkden tutulan binýadyny has-da pugtalandyrýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurduň asudalygyny, il-halkyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny ähli zatdan ileri tutýan döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda geljegimiziň has-da eşretli boljakdygynyň kepiline öwrülýär. Bu bolsa amala aşyrylýan ähli işleriň baş maksadynyň merdana halkymyzyň abadançylygyny, bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdygyny görkezýär. Berkarar ýurdumyzyň ösüşleri, halk bähbidini nazarlaýan tutumly işler bagtyýar raýatlarymyzy täze mümkinçilikleri durmuşa geçirip, agzybirlikde ýeneki üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň: «Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris. Geljege ynam bilen garap, öňe tarap buýsançly gadam urmalydyrys» diýen parasatly sözlerinden görnüşi ýaly, ähli üstünlikler gözbaşyny halka halal hyzmat etmekden, ak ýürekden zähmet çekmekden alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň kabul edýän il-ýurt bähbitli çözgütleri munuň şeýle bolmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýär we olar täze ösüşleri gazanmaklyga, täze sepgitlere ýetmeklige gönükdirilendir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň röwşen ýollary bilen öňe barýan ata Watanymyzyň bu günki gün has-da gülläp ösmegi her günümiziň, aýymyzyň, ýylymyzyň beýik hakykaty bolup dabaralanýar. Ajaýyp zamanamyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan beýik ösüşler ähli ulgamlara mahsus bolup, dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýýar. Il-ýurt bähbitli maksatnamalaryň tapgyrma-tapgyr üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, berkarar ýurdumyzyň çar künjegi has-da özgerip, gözelligiň nusgasyna öwrülýär. Amala aşyrylýan bu uly işler Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan wezipeleri bilen sazlaşyp, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgede öz beýanyny tapýar.
Il-günümiziň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, gülläp ösmeginiň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris.