27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, habar beriş serişdeleri hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk bilen bagly 26 sany resminama gol çekildi. Olaryň arasynda 2023-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki taslamalar we şu ýyl üçin iş meýilnamalar bar.

Bu resminamalaryň ählisi 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ozal gol çekilen maksatnamalaýyn resminamalaryň maksatlaryny we wezipelerini öz içine alýar.