BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň asylly başlangyçlarynyň bütin dünýäde belent ykrara eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu hoş habar diňe bir sport ulgamynyň işgärleriniň däl, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesini ömrüniň mazmunyna öwren ähli bagtyýar halkymyzyň kalbyny buýsançly duýgulara besledi.

Bu waka ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň, asylly başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetine, BMG-niň ýörelgelerine laýyk gelýändiginiň alamatydyr. 2018-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul edildi. 2018-nji ýylyň iýun aýynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen welosiped sporty boýunça türgenleşik okuwy dünýäde welosiped sporty boýunça köpçülikleýin tälim beriş sapagy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 2019-njy ýylyň iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde welosipedde iň dowamly bir nyzamly ýöriş geçirildi. Bu taryhy waka hem Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Welosiped» binasynyň gurulmagy ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem-de ekologiýa abadançylygynyň berkarar edilýändigini has-da dabaralandyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde kabul edilen bu Kararnama döwletimiziň welosiped sürmeklige jemgyýetçilik ähmiýetini bermek babatdaky tagallalarynyň dünýäde uly goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylan bu syýasy üstünlik eziz Watanymyzyň ösüşiň hem rowaçlygyň röwşen menzillerindäki bedew batly gadamlarynyň buşlugy bolup, bagtyýar raýatlarymyzyň göwünlerine ganat berdi.

Goý, ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmakda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, döwletli tutumlary rowaç bolsun!

Begenç NURALYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby