Bilimli ýaşlar Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň aýdyň kepilidir. Döwletimizde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, ýurdumyzyň bilim ulgamyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyk getirmek, elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini ýola goýmak wezipeleri amala aşyryldy. Şeýlelikde, bilim hem terbiýeçilik işlerinde okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň iň soňky gazananlary, innowasion tehnologiýalardyr nou-haular giňden ulanylýar. Munda bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek işlerine aýratyn orun degişlidir.

Döwletimiz bilim ulgamynyň halkara derejesine laýyk getirilmeginde, ýurduň durnukly ösüşine hem dünýä ykdysadyýetine saldamly goşant goşjak mynasyp ýaş nesliň kemala gelmegine bil baglaýar. Köpçülikleýin sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, çagalar baglarynyňdyr döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleriniň dowamly gurlup, ulanylmaga berilmeginiň özi hut şol maksatlary nazarlaýar. Munda bilim edaralary zerur okuw kitaplarydyr gollanmalary bilen üpjün edilip, täze tehnologiýalar we halkara ülňülerine laýyk gelýän okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işi yzygiderli alnyp barylýar. Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuw meýilnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, informatika, taslamalaşdyrma, Türkmenistanyň medeni mirasy, umumydünýä medeniýeti, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýa, innowasiýa tehnologiýalary, modelleşdirme, grafika boýunça okuw dersleri girizildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, ylaýta-da, iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars dillerini öwrenmek boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň ençemesi hereket edýär. Ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniňdir sazçylyk mekdepleriniň bolmagy çagalykdan bu ugurlara ýykgyn edip, öz saýlan hünäriniň kämil eýeleri boljak ýaş nesliň ösüp ýetişmegine itergi berýär. Ata-babalarymyzyň zehin eleginden geçen halypa-şägirtlik ýolunyň dowamata beslenip, ozal gazanylan tejribeleriň häzirki döwrüň talaby bilen utgaşyp, kämil ugruň kemala gelmeginde yhlasyny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de öňe ilerletmekde alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Nurgeldi KULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Okuw bölüminiň önümçilik tejribeliginiñ ýolbaşçysy.