Bu kriptowalýuta ilkibaşda kesgitlenen teklip bilen döredildi. Jemi 21 million bitkoin dolanyşyga çykarylyp bilner. Şular ýaly ilkinji kriptowalýuta 2009-njy ýylda gazylyp alyndy.

Gynansakda, hakykatdan hem dolanyşykda 19 million bitkoiniň bardygyny ýa-da ýokdugy entek belli däl. Olaryň köpüsi dürli sebäplere görä ýitirim boldy.

Umuman aýdanyňda, kriptowalýutanyň mukdarynyň 19 milliondan geçmegi baradaky habar onuň bahasyna düýpli täsir etmedi. Habarlar çap edilen pursadynda ol 46 574 dollardan satylýar. Bu baha täsir etmegine sebäp bolup biljek ulgam derejesindäki indiki waka – blok üçin baýragyň iki esse azalmagy. Bu iki ýyldan gowrak wagtyň içinde bolup geçer.

Ulgamyň meýilnama boýunça hereket eden ýagdaýynda-da, 21 millionlyk bitkoiniň 2140-njy ýyla çenli gazylyp alynmajakdygy bellenilýär.