Adamlar wagty hasaplamak üçin dürli ýollary oýlap tapypdyrlar. Çäge sagatlaryny döredipdirler. Çäge sagatlary wagty hasaplamaga kömek edipdir. Olar 15 minutlyk wagty, ýarym ýa bir sagatlyk wagty aňladypdyr. Çäge akyp gutaranda, sagady beýle ýüzüne öwürmeli bolupdyr. Garaz, çäge sagatlary anyk wagty görkezip bilmändir. Sebäbi howa sowuk bolanda, çägäniň akyşy ýyly günleriňkä garanyňda tizleşýän eken. Suw hem-de ýyldyz sagatlary bolupdyr.

Gün sagady hem özboluşlydyr. Ol Gün çykan günleri wagty görkezipdir. Günüň ýokary galyşyna görä, tegelejik ýasy tagtada dikligine oturdylan taýajyk kölege emele getiripdir. Bulutly günlerde, Günüň görünmedik wagtynda adamlara wagty hasaplamak juda kyn bolupdyr.

Sagat wagt bildirýän böleklere bölünýär: femtosekunt, pikosekunt, nanosekunt, mikrosekunt, millisekunt, sekunt, minut, sagat. Bir minutda altmyş sekunt bar. Bir sekuntda bolsa, müň millisekunt bar.

Sagadyň dilleriniň çepden saga aýlanmagynyň sebäbini bilýärdiňizmi? Çünki ilkinji Gün sagatlarynda Günüň ýokary galşyna görä, kölegesi şeýle aýlanypdyr.

10:10 sagat. Sagat satylýan dükanlaryň aglabasynda sagatlar 10:10 wagta düzülip goýlandyr. Munuň beýle ýagdaýda bolmagynyň bolsa iki sebäbi bar. Birinjiden, şeýle edilende sagady öndüren zawodyň ady görünýär. Ikinjiden bolsa, 10:10 wagta düzülen sagadyň dilleri ýylgyryp duran adamy ýatladýar. Bu bolsa, gelýän müşderiniň ünsüni özüne çekýär.

Ilkinji jübi sagatlary Germaniýanyň Nýurnberg şäheriniň ýaşaýjysy Piter Henleýn tarapyndan 1503-nji ýylda oýlanyp tapylýar. Olar tiz wagtdan meşhurlyk gazanypdyr. XVIII-XIX asyrlarda şeýle sagatlary götermek ýoň bolupdyr. Asylyp duran zynjyryndan jübi sagadyny göterýän adamy anyklapdyrlar. Bu jübi sagadynyň eýesiniň gurply maşgaladandygyny hem aňladypdyr.

Ilkinji goşar sagatlary 1812-nji ýylda döreýär. Ony şweýsariýaly Lui Breg ýasapdyr. Bir goşar sagadyny ýasamak üçin 20 adamyň zähmeti siňipdir. Käbir maglumatlara görä, bir günde dünýäde bir milliard sagat öndürilýär. Olaryň 60% Ýaponiýada öndürilýändir.

Taňryberdi ÖWEZOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Energetika we inženerçilik desgalar fakultetiniň

1-nji NGDSG hünäriniň talyby.