Taryha ser salanymyzda söwdanyň, alyş-çalşyň, eýeçiligiň ösmegi bilen baglylykda zatlary çekmek üçin terezi, gapan ýaly agyrlyk ölçenilýän enjamlar, şeýle-de agyrlyk ölçegleri ýüze çykypdyr. Elbetde, olar häzirki agyrlyk ölçegleri bolan gram, kilogram, tonna, sentner ýaly däl-de, has az agyrlyklary aňladypdyr. Olar, esasan, şu aşakdakylar:

Batman — takmynan ýigrimi kilograma barabar bolan agyrlyk ölçegi.

Gadak — 409,5 grama deň bolan agyrlyk ölçegi.

Geýrek — bir zadyň sekizden bir bölegine deň bolan agyrlyk ölçegi.

Mysgal — 4,26 grama deň bolan agyrlyk ölçegi.

Hepbe — takmynan 500 gram möçberindäki agyrlyk ölçegi.

Put — 16 kilograma deň bolan agyrlyk ölçegi.

Görşümiz ýaly, taryhyň ozalky döwürlerinde ata-babalarymyz dürli agyrlyk ölçeglerini döredipdirler we olardan durmuşda, işde peýdalanypdyrlar. Bu agyrlyk ölçegleriniň türkmen halk döredijiliginde, taryhy şahsyýetleriň işlerinde, eserlerinde, taryhy temadan ýazylan eserlerde duş gelýän ýerleri-de bar.

Wepa ATAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Energetika we inženerçilik desgalar fakultetiniň

2-nji SKMD hünäriniň talyby.