Neapol şäherindäki (Italiýa) Federiko II uniwersitetiniň alymlary hamyrmaýa ulanmazdan pizza hamyryny taýýarlamaga mümkinçilik berýän usuly döretdiler.  Bu gazlandyrylan içgileri öndürmekde ulanylýan gabarma prosesi arkaly mümkin bolýar.

Hamyr döretmek üçin un, suw, duz garylýar we hemmesi bilelikde awtoklawa ýerleşdirilýär.  Awtoklaw, peje meňzeýän bir enjam bolup durýar.  Olwiruslary we howply bakteriýalary basyş astyndaky gyzgyn bug bilen ýok edýär.  Soňra, temperatura we basyş ýokarlanýar we hamyr taýýar bolan wagtynda kem-kemden peselýär.

Täze çemeleşmäniň kömegi bilen, allergiýasy bolan adamlar üçin hamyrmaýasyz önümleri taýýarlap bolar.