Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ynsanperwer içeri we daşary syýasaty diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilendigi bilen dünýäde giňden ykrar edilýär. Döwlet Baştutanymyz dünýäniň abatlygy, halkyň saglygy we ýaş nesliň röwşen geljegi baradaky aladalary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, asylly başlangyçlary öňe sürýär, döwletli işlere badalga berýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň taryhy günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi we Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanylmagy döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan düýpli özgertmeleriniň, döwletli başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde giň goldaw tapýandygynyň, döwletimiz tarapyndan köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ekologik howpsuzlygy gorap saklamak boýunça umumadamzat bähbitli işleriň giň gerimde durmuşa geçirilýändiginiň, bu ugurda halklaryň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmekde netijeli işleriň amala aşyrylýandygynyň ýene-de bir subutnamasy boldy.

Goý, hormatly Prezidentimiziň dünýäde giň goldawa eýe bolýan umumadamzat bähbitli başlangyçlary rowaçlyga beslensin! Ösüş arkaly parahatçylyk ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Saparowa Aýgül

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiñ talyby