Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň barha ýokarlanmagy bilen bir hatarda ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin alnyp barylýan işler döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Bu ugurda milli Liderimiziň atalyk kitaplary biziň üçin hem ylym-bilim çeşmesi, şeýle-de ruhy taýdan galkynmakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Mähriban Arkadagymyzyň şöhratly ahalteke bedewlerimize bolan garaýşynyň özboluşly çeper beýany bolan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly ajaýyp eserleri milli medeni mirasymyzy öwrenmekde we wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Ahalteke bedewleriniň deňi-taýy bolmadyk gözelligini şöhlelendirýän bu ajaýyp kitaplar daşary ýurtdaky atşynaslaryň hem söýgüli kitabyna öwrüldi.

«Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitapda hormatly Prezidentimiz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary barada hem uly buýsanç bilen ýazýar. Bu toparyň jigitleriniň at üstündäki dürli oýunlary, akrobatik we gimnastik tilsimleri, at çapmagyň ýokary ussatlygyny görkezýän çykyşlary bütin dünýäde şöhrat gazandy. Hormatly Prezidentimiz bu kitapda ahalteke bedewleriniň diňe bir şygyrlarda däl, eýsem, sungatyň suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, halyçylyk görnüşlerinde hem wasp edilýändigi barada ýazýar.

Ahalteke bedewi milli we dünýä medeniýetiniň janly taryhy gudraty bolup galmak bilen, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň, halkymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň, maksadaokgunlylygyň we rowaçlygyň nyşanyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ata-baba gelýän milli mirasymyzy gorap saklamak, ösdürmek we baýlaşdyrmak, ony dünýä ýaýmak, ösüp gelýän ýaş nesli milli mukaddesliklerimize bolan synmaz söýgi ruhunda terbiýelemek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň atşynaslygy, atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak ugrunda amala aşyrýan toplumlaýyn işleri hem anyk subutnamadyr.

Babajanowa Aýjahan

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby