2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň  gün tertibine laýyklykda,  2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenilen Türkmen döwlet  bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Myradowiç ÖdeşowTürkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy. Mejlisiň dowamynda dalaşgärlere Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy degişli  şahsyýetnamany  gowşurdy.

Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy, agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dalaşgärleri bellige almak tamamlandy.

12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna 9 dalaşgär gatnaşýar. Olaryň 3-si ýurdumyzyň syýasy partiýalary we 6-sy bolsa raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlendi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň bellige alan dalaşgärleri:

Syýasy partiýalar:

Türkmenistanyň  Demokratik partiýasy tarapyndan hödürlenen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň  Agrar partiýasy tarapyndan hödürlenen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow.

Türkmenistanyň  Senagatçylar we Telekeçiler  partiýasy tarapyndan hödürlenen «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory Babamyrat Meredow.

Raýatlaryň teklipçi toparlary:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow.

Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjow.

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýew.

Türkmen döwlet  bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýew.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Myradowiç Ödeşow.

Açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçýän şu möwsümiň giň bäsleşik esasyna hem-de umumy kabul edilen halkara kadalara laýyk gelmegi Türkmenistanyň hakyky demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.

Baýram Işanow

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby