Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-parasatly ýolbaşçylygynda pederlerimizden nesillerimize miras galan binagärlik senedimiz kämillik derejesine ýetdi. Hut şonuň esasynda, ak mermerli paýtagtymyz eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň başyny çekýär. Aşgabat şäherimiz özüniň ajaýyp keşbi, owadanlygy bilen Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik-şähergurluşyk sungatynyň göwher gaşyna öwrüldi.

Paýtagt şäherimiziň senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda düýpgöter özgerdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwünde paýtagtymyz senagat we ykdysady taýdan ösen şäherleriň birine öwrüldi. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy sebitde bar bolan meseleleri hyzmatdaşlyk esasynda çözmeklige täze itergi berdi. Şeýle-de paýtagtymyzda bina edilýän döwrebap binalar hem görenleri haýran edýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi gurlup, onda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň zehini siňen baş şäherimiziň binagärliginde özboluşly milli aýratynlyk aýdyň duýulýar. Paýtagtymyzyň häzirkizaman binagärlik keşbi dünýä gymmatlyklarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, gurlan medeni-durmuş maksatly binalar, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, dürli görnüşli suw çüwdürimli owadan seýilgähler, ýadygärlikler toplumlary, ajaýyp heýkeller paýtagtymyza aýratyn görk berýär. Ak mermere beslenen gözel paýtagtymyzyň owadan binalary ak arzuwlarymyz kimin çar tarapa şöhle saçýar. Aşgabat şäherimiz ak mermere beslenen şäher hökmünde hem-de onuň owadan desgalarynyň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyndan hem mynasyp orun aldy. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan myhman bolup gelýänler ak şäherimiziň milli binagärlik keşbine, taýsyz gözelligine haýran galýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda sanlyja ýylyň içinde gözel paýtagtymyzda amala aşyrylýan deňsiz-taýsyz özgertmeler halkymyzyň kalbynda bagtyýar ýaşaýşa, döredijilikli zähmete buýsanç döredýär. Şeýle eşretli mekanyň, jennetli döwrüň hözirini görüp zähmet çekmegiň özi hem bagtdan nyşan.

Goý, eziz Watanymyzy, mähriban paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun!

Germanow Altymyrat

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby