«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli Liderimiziň mähriban halkymyzyň asuda durmuşy, ýaş nesilleriň bagtly geljegi üçin alyp barýan dünýä ähmiýetli tutumlary uly üstünliklere beslenýär. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň golaýda bolup geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda ýaşlara uly ynam bildirmegi hem şaýatlyk edýär.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny has-da belende galdyrjak merdana nesillerimiz, eziz Watanymyzyň gül-gunçalary, beýik geljegimizdir» diýýän hormatly Prezidentimiz türkmen nesillerine uly ynam bildirýär.

«Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly dürdäne pähim­leri bize miras galdyran ata-babalarymyz hem perzentleriniň ilhalar, watansöýüji, zähmetsöýer, iň gowy ynsan häsiýetlerini özünde jemleýän şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin, nesil terbiýesiniň iňňän uly ähmiýete eýedigini nygtapdyrlar.

Milli senenamamyza laýyklykda, tomsuň birinji güni — 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni biziň döwletimizde hem giňden bellenilýär.

Ýurdumyz çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara ahlak-demokratik ýörelgeler esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýar.

Eziz Arkadagymyzyň atalyk aladalary netijesinde, paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda häzirki zaman enjamlary, multimediýa we okuw-tehniki serişdeleri bilen doly üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler, sport merkezleri, enelerimize we körpelerimize ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýan «Ene mähri» saglyk merkezleri, Köpetdagyň sergin jülgelerinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolsa, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiziň geljekki nesillerimiz baradaky atalyk aladalarynyň biri-de, orta mekdepleriň 7-14 ýaşly okuwçylaryny özünde birleşdirýän Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygydyr. Halkymyzyň, geljekki nesillerimiziň bagtly ýaşaýşy üçin ähli mümkinçi­likleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bäh­bitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowa­çlyklara beslensin!

Hallyyewa Amandursyn

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ

Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby.