Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli hem ynsanperwer syýasaty netijesinde eziz Diýarymyzy ösüşiň has belent derejelerine götermek boýunça asylly başlangyçlar, halk bähbidine gönükdirilen iri möçberli taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi geljekki ösüşlerimiziň berk binýady bolup hyzmat edýär hem-de nurana ertirlerimiziň kepiline öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak, «Garaşsyz, Bitarap Watanymyz gün-günden rowaçlanyp, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýar»

Aýdyň maksatly, belent tutumly işleri rowaçlyklara, ösüşlere beslenýän Garaşsyz Watanymyzda sanly tehnologiýalaryň ykdysadyýete we durmuş ulgamyna ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçilmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň derejesine ýetirmek maksady bilen öňdebaryjy tejribäni we tehnologiýalary ornaşdyrmak «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamyň giň gerimde ornaşdyrylmagy «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda has-da işjeňleşdirilýär. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň we aragatnaşyk ulgamynyň kömegi bilen ykdysady pudaga degişli maglumatlary ýygnamak, seljermek, ulanmak we ýaýratmak has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Sanly ykdysadyýet maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary tarapyndan üpjün edilýän ykdysady işjeňligiň, söwda amallarynyň we hünär aragatnaşyklarynyň bütindünýä ulgamydyr. Sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýet önümçiligiň täze usullaryny, adamlaryň bilimine we iş endiklerine bildirilýän täze talaplary emele getirýär. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda ykdysady ösüşiň we önümçiligiň depgininiň artdyrylmagyna, dolandyryş düzüminiň kämilleşdirilmegine şert döredýär.

Baýrammyrat Begliýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ

Ýol gurluşygy fakultetiniñ talyby.