Lukmanlar saglygymyz üçin miweleriň peýdasynyň örän uludygyny nygtaýarlar. Miwe we miwe önümlerini yzygiderli iýmek bilen ýürek, gan-damar, aşgazan, içege, kelle-beýni keselleriniň öňüni almak mümkin. Türkmen topragynyň sahawatlylyk bilen eçilýän saglyga peýdaly nygmatlarynyň arasynda ülje esasy orny eýeleýär. Bu miwäniň özi-de, ondan taýýarlanýan önümler-de bahasyna ýetip bolmajak melhemdir. Üljäniň has giňden ýaýran görnüşleri adaty ülje we çereşnýadyr. Bu turşumtyk, süýji tagamly miwe, esasan, şekere, B1, B2, P, PP, C, E witaminlerine, karotine, foliý turşusyna, pektin maddalaryna, şeýle-de mineral duzlardan marganese, mise, demire we ýoda örän baýdyr. Ülje ganazlykda örän peýdalydyr. Bu miwäniň nerw ulgamyna, ýürek kesellerine hem haýry uludyr. Üljäniň miweleri we ondan alnan şire dowamly iç gatamada iç sürüji serişde hökmünde, üşütmede, bedeniň gyzgynlygy ýokarlananda, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda giňden peýdalanylýar. Ülje bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Onuň ýapragynda köp mukdarda askorbin turşusy bar. Şonuň üçin hem ysgynsyzlykda, işdäsizlikde, witamin ýetmezçiliginde, beden gowşaklygynda ülje ýapragyndan demlenen çaýy içmek maslahat berilýär.

Ülje kosmetologiýada hem giňden ulanylýar. Ondan taýýarlanan ýapgylar deriniň tiz garramagynyň öňüni alýar, reňkini durlaýar we agardýar, ownuk ýygyrtlaryň aýrylmagyna ýardam berýär.

Jeren ATAJANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyňS.A.Nyyazow adyndaky TOHU-nyn Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň “Maglumat Ulgamlary” hünäriniň talyby