Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we ilatyň ýaşaýyş­durmuş şertlerini has­da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Muňa döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen Diýarymyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we senagat mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan ägirt uly işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ummasyz resurs mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyz ykdysady ösüşlere tarap ägirt uly ädim ätdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýeti üstünlikli ösýär, täze pudaklar döreýär we bar bolanlary döwrebaplaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan başlanan sanlylaşdyrma düşünjesi, umuman alanyňda, internet söwdasyny ösdürmäge, şeýle-de ýerli öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giňişleýin çäreleriň giň toplumyny durmuşa geçirmegi öz içine alýar. Şeýlelikde, içerki söwda pudagyny sanlylaşdyrmak pudagynda iki esasy ugry tapawutlandyryp bolar: häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ulanmak hem-de müşderileri çuňňur seljermek.

Sanly bilim ulgamynyň taryhy. 1907-nji ýylda uzak aralykdan bilim almakda ilkinji işler geçirilýär. 1939-njy ýylda Fransiýada uzak aralykdan bilim berýän merkez guralýar. Ilkinji onlaýn bilim almak 1960-njy ýylda “Illionis” uniwersitetinde başlanýar. Bu ýerde kompýuter torlaryň üsti bilen ilkinji bilimler berlipdir. 1971-nji ýylda awstraliýaly filosof Iwan Iliç özüniň “Deschooling Society” atly kitabynda sanly mekdep nusgasyny orta atýar.

1980-nji ýyllaryň ortalarynda Amerikada we Kanada-da bilimde sanly aragatnaşyk we tor ulgamlary ulanylyp başlandy. 1994-nji ýylda bolsa, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda onlaýn orta mekdebi gurulýar. 2002-nji ýylda Amerikanyň MIT (Massachusetts Institute of Technology) uniwersiteti tölegsiz onlaýn sapaklary bermäge başlady. Beýik Britaniýa, Günorta Koreýa, Awstraliýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Hindistan, Malaýziýa, Günorta Afrika, Hytaý sanly bilim ulgamynda öňdebaryjy ýurtlar hasaplanylýar.

2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda:

2017-2018-nji ýyllarda. Ýokary okuw mekdeplerinde başlangyç elektron maglumat gory döredildi we ol häzirki wagtda maglumatlar bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şeýle hem sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanyldy.

2018-2019-njy ýyllarda. Nusgalyk elektron orta mekdebi döretmek.

2019-njy ýylda. Aşgabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň, Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň, Döwletliler köşgüniň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň “Diller dünýäsi” dil merkeziniň arasynda.

2019-2021-nji ýyllarda. Uzak aralykdan okatmak we onuň sanly serişdelerini taýýarlamak boýunça okuwlary guramak.

2019-2023-nji ýyllarda. Bitewi elektron portalyny döretmek.

2020-2025-nji ýyllarda. Täze usullar we tehnologiýalar arkaly mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ulgamyny döwrebaplaşdyrmak.

2021-2025-nji ýyllarda. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek maksady bilen, innowasiýa maglumat merkezini bilim edaralarynyň arasynda guralan bitewi bilim toruna birikdirmek.

Konsepsiýanyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň ýaşaýan we okaýan ýerine garamazdan, Halkara standartlarynyň häzirki zaman talaplarynyň derejesinde ýokary hilli bilim almak üçin giň mümkinçilik dörediler we sanly ulgama uýgunlaşan ösen şahsyýet kemala geler. Bilim dolandyryş edaralarynyň ählisiniň ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilmegi ýokary bilimli hünärmenleriň kemala gelmegine we täze innowasion tehnologiýalaryň oýlanyp tapylmagyna giň mümkinçilik döreder. “Bulutlaýyn” tehnologiýalaryň ulanylmagynda ýurdumyzda bitewi sanly maglumat-bilim ulgamy dörediler hem-de uzak aralykdan bilim almak we okatmak mümkinçiligi giň ösüşe eýe bolar.

Maksat ÇÜRIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.