Diplomat – munuň özi döwletiň daşary işler edarasynyň, şol sanda onuň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň öz Watanynyň bähbitlerine gowy düşünýän we olara uly mertebe, çuňňur bilimlilik we içki ynamlylyk bilen üpjün etmäge ukyply resmi wezipeli adamydyr, daşary işler minstrliginiň işgäridir.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri ählumumy we sebit derejesindäki meseleleriň parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözulmegine esaslanýar. Bu ýörelge abadançylygyň üpjün edilmegine, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň saklanmagyna, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna gönükdirilendir. “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” türkmen Bitaraplygynyň hoşniýetli, özara bähbitli, parahatçylyk söýjülikli we döredijilikli ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda bütin dünýäde parahatçylygy kemala getirmäge mynasyp goşant goşýar. Ynsanperwer syýasatyndan gözbaş alýan daşary syýasatymyzyň netijeli durmuşa geçirilmeginde türkmen diplomatlarynyň eýeleýän orny ägirt uludyr. Gahryman Arkadagymyz türkmen diplomatiýasynyň özboluşly taryhy sahypasyny döredýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda «Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününi bellemek hakyndaky» taryhy Permana gol çekmegi doly äşgär edýär. Bu çözgütden soňra her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Bu bolsa halkara giňişliginde ata Watanymyzyň adyndan wekilçilik edýän diplomatlarymyza goýulýan uly sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiziň wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini sylaglamak maksady bilen «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny döretmek baradaky degişli Karara gol çekmegi bolsa türkmen diplomatlarynyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär.

Daşary syýasatyň we diplomatiýanyň ygtybarly ulgamynyň kemala gelmegi bilen ýyrdumyz adamzady gyzyklandyrýan möhüm meseleleriň çözgüdine  hem barha işjeň gatnaşyp başlady. “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Arkadag Prezidentimiz tarapyndan halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag giňişligini döretmek we başgalar barada öňe sürýän başlangyçlarydyr teklipler dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlugyň, durnukly ösüşiň üpjin edilmegine gönükdirilýär.

Gözel KULYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.