Şotlandiýanyň Milli saglyk gullugy (NHS) 2000-den gowrak hassada içegedäki rak keseliniň alamatlaryny barlamak üçin kapsulada ýerleşdirilen kiçijik kamerany ulandy. Täze gural PillCam diýlip atlandyryldy. Ol kolonoskopiýa bilen deňeşdirende has ýakymlydyr.

PillCam kiçijik kapsula bolup, ol adamyň iýmit siňdiriş ulgamyndan geçip barýan wagtynda, hassalaryň biline geýip, sazlap bilýän, gaýyşy bilen bilelikde işleýär. PillCam, sekuntda ikiden alty kadra çenli ýygylygynda hassanyň içegeleriniň takmynan 50 müň sany suratyny düşürýär.

Suratlar, näsagyň biline dakylan simsiz ulgamyň üsti bilen ýazgy enjamyna ýazgy edilýär. PillCam syýahatyny tamamlandan soň, lukmanlar alnan suratlary seljerýärler.

PillCam, bir gezek ulanylýan enjam. Şoňa görä-de munuň ýaly proseduralara adaty kolonoskopiýa ýaly taýýarlanmaly bolsa-da, olar hiç hili agyrsyz geçýär.