Ylym-bilim ynsanyň iň ýakyn hemrasydyr, wepaly dostudyr. Hakyky dostam seni terk edip biler, ýöne okan zadyň, alan paýhasyň mydama seniň ýanyňdadyr. Ol seni hemişe-de goldaýandyr, ýokary üstünliklere sary itekleýändir. Elbetde, şol ylym-bilimiň, paýhasyň düýp çeşmesi hem kitaplardyr. Kitap adamyň iň gymmatly baýlygydyr. Ata-babalarymyz ony guba düýä çalşan, kitaphon adamlar bolupdyr. Häzirki wagtda hem ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kitaphanaçylyk işine, halkymyzy dürli ugurdaky kitaplar bilen üpjün etmeklige uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň halkymyza peşgeş berýän ajaýyp kitaplary, şeýle-de, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp kitaphanalarymyzyň bolmagy onuň aýdyň mysalydyr.

Her bir güni beýik ösüşlere, täze özgertmelere beslenýän gözel Diýarymyzda ähli ulgamlar bilen birlikde ylym-bilim ulgamyna hem aýratyn uly üns berilýär. Kitaphanaçylyk işi hem-de döwrebap kitaphanalary döretmek baradaky ýola goýulýan belent maksatly işler onuň esasy pudagydyr. Häzirki wagtda eziz Watanmyda iň ilkinji döredilen kitaphana merjen şäherimiz Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasydyr. Hut şonuň üçin hem bu kitaphana «Ilkinji türkmen okalgasy» diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbine özboluşly bir görk goşup oturan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň döredilen senesi barada resmi web saýtlarda we taryhy çeşmelerde dürli-dürli maglumatlar berilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň öz resmi web saýtynda bu kitaphananyň 1895-nji ýylyň 1-nji awgustynda açylyp, okyjylara hyzmat edip başlandygy barada beýan edilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi web saýtynda bolsa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1892-nji ýylda esaslandyrylyp, ilkinji okyjylaryny 1895-nji ýylyň maý aýynda kabul edip başlandygy bellenilýär. Almaz Ýazberdiýewiň 2018-nji ýylda çykan «Türkmenistanyň kitaphanaçylyk işiniň taryhy» atly kitabynda bu kitaphananyň dörän anyk senesi görkezilmese-de, Aşgabadyň welaýat Jemagat kitaphanasynyň 1802–1917-nji ýyllar aralygynda nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň dürli ýurtlardan öz asyl nusgalarynda, ýagny arap elipbiýinde iberilen 1500-e golaý neşirlerini öz gaznasyna almandygy barada beýan edilýär. Diýmek, bu kitapda Aşgabat kitaphanasynyň 1802-nji ýylda hem hereket edendigi aýan edilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, bu kitaphana biziň pikirimizçe 1802-nji ýylda esaslandyrylyp, öz ilkinji okyjylaryny Türkmengazet.com web saýtynda görkezilişi ýaly 1885-nji ýylyň 1-nji awgustda kabul edip başlan bolmaly. Ýöne, Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy ýokarda görkezilen seneleriň haýsysynda dörändigine garamazdan, ýurdumyzyň çäginde açylan ilkinji türkmen okalgasydyr. Çünki, ýurdumyzda hereket edýän Mary welaýat kitaphanasy 1912-nji ýylda, Lebap welaýat kitaphanasy 1919-njy ýylda, Daşoguz welaýat kitaphanasy 1925-nji ýylda, Balkan welaýat kitaphanasy 1967-nji ýylda, Ahal welaýat kitaphanasy bolsa 2010-njy ýylda döredilip, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan soň işläp başlapdyr. Munuň özi bolsa, paýtagtymyzyň Döwlet kitaphanasynyň ýurdumyzda dörän ilkinji kitaphanadygyny ýene-de bir gezek aýan edýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň häzirki zaman döwrebap binasy 2007-nji ýylyň 16-njy fewralynda açylyp ulanylmaga berildi. Döwlet kitaphanasynyň ak mermerli täze ajaýyp binasynda birbada 1100-e çenli okyjyny kabul etmeklik, 6 milliondan gowrak neşir önümlerini aýawly saklamaklyk, kitaphana işini döwrebap derejede guramaklyk we alyp barmaklyk üçin giň mümkinçilkler we şertler döredilendir.

Gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän ýene-de bir uly kitaphanalaryň biri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasydyr. Ol SSSR-iň YA-nyň Türkmenistan bölümçesi hökmünde 1940-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda açyldy. Bu kitaphana 1951-nji ýylyň 29-njy iýunynda «TSSR-iň YA-nyň Merkezi ylmy kitaphanasy», 1992-nji ýylyň 28-nji oktýabryndan «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy», 1998-nji ýylyň 29-njy iýunyndan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we teknika baradaky Ýokary geňeşiň Merkezi ylmy kitaphanasy», 2009-njy ýylyň 12-nji iýunyndan «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy» diýlip atlandyryldy. Ol birnäçe bölümlerden ybarat bolup, okyjylara ýokary derejede hyzmat edýär. Bu kitaphanalar ýurdumyzyň ähli ýaşdaky adamlary üçin ylym-bilimiň gory, çeşmesidir.

Umuman alanyňda, ýurdumyzdaky kitaphanalary, ylym öýlerini sanasaň sogaby kän diýenleri. Olar öz gözbaşlaryny gadym eýýamlardan alyp gaýdýarlar. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly halkymyz juda kitaphon halk bolupdyr. Şol sebäpli-de, ýurdumyzda ençeme kitaphanalar irki döwürlerden bäri hereket edip gelipdir. Bütin dünýäniň künjeklerinden ýörite kerwenler gelip, biziň baý çeşmelere eýe bolan ajaýyp kitaphanalarymyzdaky kitaplardan peýdalanypdyrlar. Bir söz bilen jemläp aýdanymyzda, ýurdumyzy kämil kitaphanalaryň mekany diýmäge bäş müň ýyllyk taryhymyz artygy bilen şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda döwrüň täze ösüşleri bilen aýakdaş gadam urýan bu kitaphanalarda kitaphanaçylyk işleri hem döwrebap keşbe eýe boldy. Ýagny, olarda hyzmat edýän ýörite internet otaglary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän multimediki enjamlar onuň aýdyň mysalydyr.

Günsaýyn eşret-nura beslenýän ajaýyp Watanymyzda halkymyza okamaga, öwrenmäge şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, bütindünýä ähmiýetli tutýan beýik tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Käbejan OMAROWA,

Gubadag etrap merkezi kitaphanasynyň

Bitarap Turkmenistan geňeşligindäki 

şahamçasynyň kitaphanaçysy.