Ýerasty kölli bu gowak Aşgabatdan 90 km günbatarda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýär. Ol tebigatyň seýrek duş gelýän geologik ýadygärliklerine degişlidir. Gowagyň umumy uzynlygy 230 m, ini 57 m, beýikligi bolsa 20 m barabardyr.

Gowagyň düýbi iri hek daşlary bilen örtülendir. Gowagyň töründe, esasy girelgeden 60 m aşakda, uzynlygy 72 m, giňligi 30 m, meýdany 108 inedördül m we ortaça çuňlugy 10 m bolan gowşak minerallaşan kükürt wodorodly köl ýerleşýär. Kölüň suwunyň ýylylygy ortaça + 37°C deňdir. Onuň özüne çekijiligi mawy reňkli suwunyň ynsan saglygyny berkidiş güýjüniň bolmagy bilen düşündirilýär. Kölüň suwy irki döwürlerden bäri derman hasap edilýär. Onuň düzüminiň derňewi ilkinji gezek 1887-nji öwrenilipdir.

Soňky geçirilen ylmy barlaglar suwuň düzüminde himiki elementleriň çylşyrymly utgaşmalarynyň bardygyny görkezdi. Suwuň düzüminde tapylan 27 sany himiki elementleriň arasynda bejeriş häsiýetli maddalar hem köpdür.

Bu gowak häzirki wagtda sagaldyş maksady bilen gelýän syýahatçylaryň uly toparlaryny yzygiderli kabul edýär. Köwata gowagynyň düýbi gümmezinden gaçýan hek daşlar bilen örtülen, hek daşlaryna kükürtli suwlaryň edýän täsirleri netijesinde himiki täsirleşmeler şu wagt hem geçip dur. Ylmy barlaglaryň tassyklamagyna görä, ýerasty kölüniň suwy ynsan saglygyny berkitmekde örän täsirlidir.

“Köwata”gowagy baradaky rowaýatlaryň birinde şeýle gürrüňberilýär: “Ençeme ýyl ozal bir oglan bilen bir gyz biri-birini çakdanaşa söýüpdir. Ene-atalarynyň gazabyndan gorkup, olar öýlerini taşlap gaçyp gidipdirler. Olaryň ene-atalary olary tapyp, berk temmi bermeli diýen karara gelipdirler. Bu aşyk-magşuklar ele düşäýjek bolanlarynda, bir ullakan gaýanyň öňünde dyzlaryna çöküp doga-dileg etmäge başlapdyrlar. Olaryň çäksiz söýgüsiniň hem ynamynyň güýjüne ýaňky gaýa ýarylypdyr we aşyk-magşuklar şol ýerde gizlenipdir. Gowagyň daşynda uçýan eýmenç nägehanlar peýda bolup, olaryň yzyny kowýanlaryň ýüregine gorky salypdyr”.

Bu gowak ägirtligi bilen görenleri haýran galdyryp, onuň içinde 266 sany basgançak bar. Syýahatçylar gowakdan aşaklygyna düşüp gelýärkä, täsin stalaktitleri, ýagny gowagyň ýokarsyndan sallanyp duran hek ösüntgilerini hem-de körsyçanlaryň sürüsini synlap bilýär. Gowagyň daş-töwereginde syýahatçylar üçin niýetlenen restoran hem kafeler bar. Gowakdaky suwuň hem-de howanyň temperaturasy üýtgemeýändigi üçin köle islendik wagt baryp bolýar.

Ogulnar ORAZMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.