Ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýar, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup hyzmat edýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ylymlar gününiň giňden döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi bilen oňa döwlet tarapyndan ünsüň güýçlendirilýändigini görkezýar. Şoňa görä-de, ylym ulgamynyň özara hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilmegi berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ylmy ojaklaryň, merkezleriň, ýokary okuw mekdepleriň, ylmy-barlag edaralarynyň işleriniň özara sazlaşykly utgaşdyrylmagy ýurdumyzda ylmyň pajarlap ösýän merkezine öwrüljekdigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ählitaraplaýyn ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ylmyň hil taýdan täze ösüşini dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň gündeki meselelerini çözmäge gönükdirmek, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarmak wezipeleri mähriban Arkadagymyzyň biz ýaşlaryň öňünde goýýan baş wezipeleridir.

Türkmenistanyň ylmy edaralary we ýokary okuw jaýlary tarapyndan alnyp barylýan barlaglar, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna, şol sanda ylym we bilim ulgamlarynyň sanly düzümleriniň ösdürilmegi möhüm wezipe hökmünde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.

Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlaryň Geňeşi işjeň hereket edýär. Onuň işine talyplar we olaryň halypalary bolan mugallymlar gatnaşýarlar. Bu ylym-bilim düzümleriniň ulgamy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň höwesini we başlangyçlaryny goldamaga, olary ilerletmäge we durmuşa geçirmäge ýardam bermäge, ýaşlaryň halkara maslahatlaryna we duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmagyny üpjün etmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täzelikleriň maglumat binýadyny döretmäge mümkinçilik berýär.

Yslam Tyllanurow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy.