Telefonyň döredilmegi taryhda dünýäni haýrana galdyrýan täsinlikleriň biri boldy. Aslynda duýdansyz oýlanylyp tapylan bu (öýjükli) telefonlary häzirki wagtda kompýuter hökmünde hem ulanmak bolýar.

1876-njy ýylda ABŞ-ly konstruktor Aleksandr Greýam Bell telefony oýlap tapypdyr. Onuň bu eden işi oňa üstünlik getiripdir. Ol birnäçe adamlary haýran galdyrypdyr. Aslynda Bell eşidiş hem sözleýiş jähetden mümkinçiligi çäkli ynsanlar üçin ýeňillik bolar diýen umyt bilen bu enjamy döretdi. Ejesi ker we dilsiz Belliň kakasy ömrüniň ahyryna çenli kerler üçin birnäçe okuwlary gurapdyr.

Kakasyna görelde alan Bell hem soňra ýarawsyzlara kömek etmek isleýär we şonuň üstünde işläp başlaýar. Boston uniwersitetinde professor bolup işlän Bell “Ses garşy tarapa eşidilip bilermi” diýen düşünje bilen onuň üstünde işläp başlaýar. Şol döwürlerde telegraf enjamynyň ulanylýandygyny sebäpli, Bell öz tejribesini telegrafda geçirip görýär. Tejribesiniň dowamynda ol titreýän sesjagazlary eşidýär. Bu titreme Bellde uly umyt döredýär.

Tejribe wagtynda Belliň üstünde bir zat dökülýär we ol dosty Watsondan kömek soraýar. Bell başga bir otagda bolsa-da, onuň sesini enjamdan eşidýär. Ol özüniň eden işine ynanyp bilmeýär hem-de sesleriň garşylykly eşidilýänligine düşünip başlaýar. Greýam Belliň telefony oýlap tapan wagty onuň ilkinji diýen sözi “Jenap Watson, bärik geliň! Sizi göresim gelýär” bolupdyr. Şeýlelik bilen, Bell 1876-njy ýylyň 7-nji martynda ilkinji telefony oýlap tapýar.

Näme üçin “Alo” diýýäris?

Bell öz söýgülisiniň öýüne-de telefon çekip berýär. Onuň söýgülisiniň ady Allesondra Lellita Oswaldo bolupdyr. Bell öz söýgülisi bilen habarlaşýan wagtynda onuň adyny gysgaldyp gürläpdir, ýagny her adyň baş harpyny tutup “ALO” diýip ýüzlenipdir, şeýdip “alo” sözi emele gelipdir.

Aşyrow Bagtyyar,

Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby.