Merdana türkmen halkymyz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, edermen pederlerimizden şu günki bagtyýar nesillere miras galan behişdi bedewlerimizi milli buýsanjy saýyp arzylaýar. Türkmeniň öz atyna bolan söýgüsi çäksizdir. Bedew türkmeniň göwün galkynmasy, ýow gününde ýoldaşy, şat gününde buýsanjy bolup, köňül käbesinde ýaşapdyr.

Taryhy bilen taryhdaş, ýüregi bilen ýürekdeş bolup gelýän, uçar ganaty, mährem dosty, göwün ganaty bolan atyna türkmeniň çäksiz söýgüsini dil bilen beýan etmek mümkin däl. Halkyň ýowuz gününde iň wepadar ýoldaşy, toý gününde bolsa zynaty bolupdyr.

Türkmeniň aty onuň ykbaly bilen çuňňur baglanyşyklydyr. Dürli döwürlerde göçüp-gonmaga, agyr ýörişlere gitmäge, menzil-menzil ýol sökmäge mejbur bolan halkyň durmuşynda guş deý ganatly, ýelmaýa deý ýüwrük, gyz deý gylykly, it deý wepaly, düýe deý çydamly, adam deý duýgur, sähra deý owadan atyň ýoldaş bolmagy onuň ýaşaýşynyň tebigatyndan gelip çykýar. Adam ýowuz durmuşda öz ykbalyny azda-kände ýeňletjek, onuň durmuşyna daýanç, ýagyşda-garda, epgekde-yssyda, toýda-ýasda hemdem boljak wepaly ýoldaş gözläpdir. Türkmen şeýle ýoldaşy atda tapypdyr. Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan, bir menzillik ýoly çaý içim salymda geçýän bedew gije-gündiz aýrylmaz hemdemine öwrülipdir. Türkmen öz durmuşyny atsyz göz öňüne-de getirip bilmändir, ony ýekeje pursat hem gözden salmandyr. Atyny suw ýerine şeker-şerbet, ot ýerine bal, ýumurtga berip bakypdyr, gözüniň görejine, başynyň täjine, döwletiniň başyna deňäpdir, agyr pursatlarda öz atyndan hemaýat isläpdir. Ahalteke atlarynyň bakylyp-bejerilişinde, seýislenişinde, ösdürilip ýetişdirlişinde täsinlik, öçmejek aýdym, tükeniksiz mukam bar. Türkmen öz atynyň kaddy-kamatynyň owadan, boýnunyň dik, döşüniň ýaýbaň, aýaklarynyň inçeden uzyn, bedeniniň ýüpek ýaly mylaýym bolmagy, teniniň şöhle saçyp durmagy, boýnuny täsin talawlatmagy, eýesiniň gözünden onuň niýetine düşünmegi üçin näçe yhlas, söýgi siňdirendir!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Watanymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy belent tutulyp, olaryň şan-şöhraty öňküden hem giň gerimde dünýa ýaýylýar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny, görkanalygyny jahana ýaýýar. Türkmen bedewiniň baýramy gözelligiň, sazlaşygyň we gaýtalanmajak okgunlylygyň baýramy bolup ýüreklere siňýär.

Yslam Tyllanurow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy.