Häzirki wagtda ýer, suw ölçeg birlikleri diňe çeper edebiýatda duş gelýär diýäýmeseň, durmuşda ulanylmaýar diýen ýalydyr. Şol ölçeg birliklerine birnäçe mysal getireliň:
- Tanap – gektaryň bäşden bir bölegine (2000 kw. metr) deň bolan ýer ölçegi;
- Suw – 3 sagatlyk suw nobaty;
- Keleme – dört suw (12 sagat);
- Serkar – sekiz suw (bir gije-gündizlik suw nobaty);
- Çaňňal – bir eliň gysymynyň göwrümine deň bolan göwrüm ölçegi;
- Halta – 40-50 kilogram agramly un, galla wwe ş.m. önümler sygýan haltanyň göwrümine deň bolan göwrüm ölçegi;
- Çuwal – takmynan, 50-70 kilogram agramly un, galla we ş.m. önümler sygýan haltanyň göwrümine deň bolan göwrüm ölçegi;
Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.