29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy we “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň şatlyklaryna goşuldy.

Milli Liderimiziň her ýyl Baş arçanyň ýanynda guralýan dabara gatnaşmak üçin wagt tapýandygyny aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz çagalar bilen duşuşanda, olar bilen söhbetdeş bolýar we körpe nesilleriň isleg-arzuwlary bilen gyzyklanýar. Milli Liderimiziň ösüp gelýän ýaş nesiller bilen bolýan duşuşyklarynda mähriban Watanymyzyň geljegi hakyndaky gürrüňe möhüm ähmiýet berilýär.

Özboluşly lybaslarda çykyş edýänleriň türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyran keşpleri bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Milli Liderimiz çagalaryň hemmelerde buýsanç duýgusyny döredýän çykyşlaryna syn etdi. Biziň ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinini we ukybyny ýüze çykarmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Eziz Diýarymyzda çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesiller özleriniň döredijilik we aň-paýhas ukyplaryny ösdürýärler hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Türkmen ýaşlary ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde guralýan abraýly bäsleşiklere we ýaryşlara gatnaşyp, güneşli ülkämize mynasyp wekilçilik edýärler.

Milli Liderimiz çagalaryň hem-de hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramçylygynyň şatlyk-şowhunyna goşulyp, nesilleriň bagtyýarlygyna guwandy. Munuň özi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy hem-de watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda edilýän aladanyň Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigini aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz çagalara Täze ýylda bagt, gyşky dynç alyş möwsümini netijeli geçirmegi, okuwlarynda üstünlik hem-de isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edip, olaryň şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirijiler, hakyky watansöýüjiler boljakdyklaryna we döwletimiziň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan 2022-nji ýyly bir bitewi we agzybir maşgala bolup garşylaýar. Goý, täze ýylyň her bir güni nurana umyt-arzuwlaryň amala aşýan, täze üstünlikleriň, beýik işleriň ýylyna öwrülsin! Goý, täze ýylda Watanymyzyň şöhraty has-da belende galsyn!

Maksatgeldi Jümmiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 

Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.