Bilişimiz ýaly 28-nji dekabrda Sankt-Peterburgda GDA-nyň döwletleriniň sammiti geçirildi. Bu sebit guramasyna girýän döwletleriň Garaşsyzlygynyň hem-de guramanyň döredilmeginiň 30ýyllygynyň goşadan bellenilýän günlerinde şeýle sammitiň geçirilmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Oňa hormatly Prezidentimiz hem gatnaşyp, biziň döwletimiziň bu köpugurly gatnaşyklar babatda alnyp barylýan işler babatda täsirli çykyş etdi. Bu barada TDH-nyň saýty giňişleýin maglumat berýär.

Sammitde beýan edilişi ýaly GDA-nyň düzümine girýän döwletleriň arasyndaky ýola goýlan işjeň gatnaşyklar dünýäniň ähli ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz bolan pandemiýa bilen bagly çylşyrymly döwrüni hem geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz hem öz çykyşynda şeýle belledi: “Häzirki güne çenli Türkmenistanda bu pandemiýa hasaba alynmady. Russiýa Federasiýasynyň goldaw bermegi netijesinde biz ilkinjileriň biri bolup, özümizde “Sputnik V” hem-de “EpiWakKorona” waksinalaryny bellige aldyk. Häzirki günde biziň ilatymyza şol waksinalar bilen sanjym geçirildi. Ýaňy-ýakynda biz “Sputnik Laýt” waksinasyny aldyk. Ol eýýäm buster sanjymy hökmünde kabul edilýär “.  Hormatly Prezidentimiz şeýle hem täze başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş edip, ylmy lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip etdi. Hususan-da, GDA giňişliginde biologik howpsuzlygyň howplary barada aýdyp, bu ulgamda bitewi resminama täzeden garamagy we gol çekmegi teklip etdi. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň şeýle resminama eýýäm gol çekendiklerini hem  belledi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Russiýadan tapawutlylykda, beýleki kliniki alamatly arid zolaklarda ýerleşýändigine duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, şu zolagyň aýratynlyklaryndan ugur alyp, bu ýokanjyň genomyny öwrenmegiň zerurdygyny nygtady.

 

Täze ýylyň öňüsyrasynda GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşyklaryny geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini bellemek gerek. Şol sammitlerde diňe bir ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenmän, eýsem, ýakyn geljek üçin esasy wezipeler hem-de bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlar deňeşdirilýär.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň dowamynda Arkalaşygyň ykdysady bähbitlerini onuň çäklerinden daşarda ilerletmegiň, goňşy ýurtlaryň we sebitleriň bilelikdäki taslamalaryna goşulyşmagyň wajypdygyny belledi. Şeýle-de, munuň ilkinji nobatda üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny giňeltmäge, täze aragatnaşyk ulgamlaryny we kommunikasiýalary çekmäge degişlidigine ünsi çekdi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşmagy ýokarda agzalan ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýar.

Ýokary derejede geçirilen bu resmi däl duşuşyga gatnaşyjylar öňde durýan maksatlaryň hem-de wezipeleriň umumydygyny belläp, goňşy ýurtlaryň bilelikdäki işiň oňyn tejribesini, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Gülnur HOJAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.