Hytaý halkynyň özboluşly hem täsin haty indi dört müň ýyla golaý wagt bäri hiç bir arakesmesiz ulanylyp gelinýän dünýäde ýeke-täk ýazuw ulgamydyr. Onuň gelip çykyşy, döredilen döwri we daşarky dünýäniň medeni merkezleriniň ýazuw ulgamlary bilen arabaglanyşygy heniz aýyl-saýyl edilmedik meselelerdir. Olar barada alymlar häzirki güne çenli dürli çaklama pikirleri orta atyp gelýärler. Şeýle-de bolsa onuň ösüş ýoly bilen bagly käbir meseleler anyklanypdyr. Hytaý hatynyň IX asyra çenli özüniň ilki başdaky surat gömüşinden (piktografiýa) ideogramma gömüşine çenli baryp ýetendigi hiç kimde şübhe döretmeýär. Ýöne ol şol basgançakda saklanyp galypdyr. Şonuň üçin hytaý hatynda harp hem, elipbiý hem ýokdur. Oňa derek bu ýazuw ulgamynda 3000-e golaý dürli belgiler bar. Alymlar bu ýagdaýy hytaý halkynyň dil aýratynlygy bilen düşündirýärler. Taryhdan mälim bolşuna görä, oguzlar gadym we orta asyrlar döwürlerinde hytaýlylar bilen goňşuçylykda ýaşapdyrlar. Bu sebäpli orta asyrlar döwründe hytaý dilinde ýazylan eserler gadymy oguzlaryň (türkmenleriň) taryhy barada juda möhüm maglumatlary özünde jemleýän çeşmelerdir.

Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.