Brýussel keleminde bedene peýdaly täsir edýän köp sanly witaminler we
başga maddalar bar. Bular B6, C, K1, witaminleri,fol turşusy, marganes, kletçatka,
holin.
2011-nji ýylda geçirilen ylmy gözleglere görä, bu önüm rak keseliniň
döremek ähtimallygyny azaldar. Esasan-da brýussel kelemi ýogyn içegäniň,
gyzylödegiň, bagryň, ýumurtgalygyň, prostata, aşgazan asty mäziniň,
melanomanyň rak keseline garşy göreşde has täsirli.
Makalanyň awtory kelem bişirmegiň üç usulyny hödürleýär. Şeýlelik bilen,
ýag, burç, sarymsak, deňiz duzy goşulan bugda bişen nahar bolup biler;
duhowkada gyzardylan kelem; brýussel kelemli işdä açar ýa-da ragy.