Ýewropanyň Lung gaznasynyň alymlary obstruktiw uky apnoesiniň (OSA)
bedende rak keseliniň güýjemegini duýduryp bilýändigini anykladylar.
Gözlegçileriň aýtmagyna görä, OSA – uky wagtynda duýdansyz dem almagy
bes etmek, hor çekýän adam dem almagyny bes edýär, soňra ýene-de hor çekip
başlaýar. Şol bir wagtyň özünde, bütin bu ýagdaýlaryň bolup geçýän wagtynda
adam ukusyndan oýanmaýar. Şeýle ýagdaýlarda dem alyş ortaça 40 sesekuntlap
saklanyp bilner.
OSA wagtynda adamyň dem alyş ýollary bölekleýin ýapylýar, bu gandaky
kislorod derejesiniň peselmegine, ukynyň bozulmagyna we agyr ýadawlyga sebäp
bolýar, diýip bellenýär.