Gök önümler we miweler ähli pasylda hem peýdalydyr welin, ýöne sowuk günlerde, gyş paslynda şu miweleri iýmek saglygymyz üçin juda zerurdyr.

Üzüm miweleri

Miwe sanawynda birinji orunda süýji, şireli we lezzetlisi üzümdir. Bu peýdaly miwäniň düzüminde C witamini bar. Bu witamin immunitetiňizi köpeltmäge, süňkleriňizi berkitmäge we şikesleriňizi has çalt bejermäge kömek edýär.

Armyt

Armyt C witamini ýa-da diňe bir D witamini bilen däl-de, eýsem, iýmit süýümi bilen gaplanýar. Süýüm iýmit siňdirişe, holesteriniň derejesini peseltmäge we horlanmaga kömek edýär. Semremek howpundan goranjak bolsaňyz, bu gyş miwesini az kalorili, horlanmak üçin peýdaly miwe hökmünde gündelik iýmitleriňize goşuň.

Narlar

Miweleriň içinde naýbaşysy hasaplanýan nar diňe bir rowaýata öwrülen çeşmeler bilen tanalman, eýsem köp sanly antioksidantlary öz içine alýan we käbir düwnük keselleriniň öňüni almaga kömek edýändigi we saglyga peýdalydygy bilen tanalýar. Gyşky iýmitleriňize başardygyňyzdan hemişe nar goşuň we onuň süýji-ýakymly tagamyndan lezzet alyň.

Apelsin

Arasynda apelsin bolmasa gyş miweleriniň ygtybarly sanawy bolmaz. Sitrus miweleriniň bir görnüşi bolan apelsin saglyk üçin örän peýdalydyr. Bu miwäniň düzüminde D witamini bar bolup, onuň şerbeti sitrusyň özünden alynýan şerbetden has peýdalydyr.

Banan

Adamlaryň DNK-nyň takmynan 50% -ini banan bilen paýlaşýarlar. Bu miwe aladany we stres derejesini peseltmäge kömek edýän kaliniň we öýjükleri berkitmäge we gurmaga kömek edýän B-6 witamininiň çeşmesidir.

Mundan başga-da, alma, ananas ýaly miweler hem gyş paslynda iň peýdaly iýmitler hasaplanylýar.

Gülnar ATAÝEWA,

TDBGI-niň Inžener mehanika fakultetiniň talyby.