Alabaý itleriniň başgaça atlandyrylyşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çopan
köpekleridir. Itleriň gadymy tohumlarynyň biri bolup, ol Uraldan Owganystana,
Hazar deňzinden Hytaýa çenli aralykdaky örän giň çäklerde saklanyp gelinýär.
Alymlar, bu itleriň nesliniň Mesopotamiýanyň söweş itlerinden gaýdýar
diýip hasaplaýarlar. Orta Aziýanyň goýun hem-de aw köpekleri baradaky ilkinji
taryhy ýazgylar mundan birnäçe müň ýyl ozalky döwre degişlidir we olarda bu
itleriň atlary umumylykda “aziat” diýip tutulýar. Türkmenistandaky gadymy
Altyndepe galasynda (biziň eýýamymyzdan öňki 2000-nji ýyl) geçirilen gazuw-
agtaryş işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeli hem-de häzirki
zaman orta aziýa aw itlerini ýatladýan äň süňkleri äpet uzyn we kellesi çüri läheň
jandaryň gatap giden galyndysy tapyldy. Alabaý – itiň daşky görnüşinden, ýagny
gara – alalygyndan habar berýär. Onuň gülgünräk açyk sary ýa-da goňrumtyl reňki
çöl tebigatynyň esasy öwüşgünlerine doly laýyk gelýär. Garagumda dowar bakýan
çopanlar mal sürülerini gorap saklamakda örän gadymyýetden bäri bu dogumly,
äpet göwreli köpekleriň kömeginden peýdalanypdyrlar. Olar, esasan, mallary
ýyrtyjy haýwanlardan goraýar. Garagumuň ýowuz tebigatynyň gazaply şertleri,
şonuň ýaly hem ýerli itşynaslaryň emeli ýol bilen tohumlary çaknyşdyrmakda alyp
baran dynuwsyz işleri ahyrky netijede itleriň başga hiç bir görnüşleri bilen
garyşmaýan, häsiýeti boýunça gaýduwsyz, şir ýürekli türkmen köpekleriniň
döremegine getiripdir.
Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy,
akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň sesini
eşidenden onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny
tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Adamlar aw çykanlarynda, uzak ýaýlara
mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň ,düşelgeleriniň gapysyna
gulp urmaýarlar. Olaryň yzynda wepadar goragçylary galýar, olar maşgalalarynyň
howpsuzlygyny doly ynanýarlar. Itleriň bar ýerine ýylan, möý-içýanam gelmeýär.
Gadym wagtlardan bäri alabaý köpekleri ýeke bir mal iti hökmünde ulanylman,

sakçy, garawul hökmün-de peýdalanyp gelinýär. Orta Aziýanyň alabaýlary häzirki
döwürde gorag, sakçy we yzçy itleriň içinde iň öňdäki orunlarda goýulýar.
Türkmen alabaýlary Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda özleriniň adamyň
ygtybarly, wepaly kömekçileridigini ýokary derejede subut etdiler.
Türkmenistanda urşa ýeke bir batyr esger däl, eýsem, batyrgaý itlerem
ugradylypdy. Dürli tohumdan bolan itleriň 70 müň sanysy şir ýürekli gerçek
ýigitler bilen bilelikde Moskwadan Berline çenli söweş ýoluny geçdiler. Beýleki
itler bilen bir hatarda türkmen alabaýalry hem ok-däri gatnatmakda bahasyna ýetip
bolmajak hyzmatlary bitirdiler. Olar ýaralanan esgerleri söweş meýdanyndan alyp
çykmakda şepagat uýalaryna ýakyndan kömek berdiler. Deslapdan kynçylyklara
çydamak, ýowuz şertlere öwrenişmek öwredilensoň türkmen alabaýlary bu agyr
bişleri aňryýany bilen ýerine ýetirdiler.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş intitutynyň 2-nji ýyl talyby.