Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň Büzmeýin ýaşaýyş jaý toplumynda
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin gurlan 1 sany 4 gatly,
degişlilikde, iki we üç otagly, jemi 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş
dabarasy boldy.
Şeýle-de, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň
«Garaşsyzlyk» ýaşaýyş jaý toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň
Ahal welaýat müdirliginiň işgärleri üçin gurlan, 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş
jaýy ulanmaga berildi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrliginiň Aşgabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň
gurluşykçylary tarapyndan gurlan dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýynda iki, üç we
dört otagly öýler bar.