24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ýurdumyza
döwlet sapary bilen geldi.
Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň Ahalteke atçylyk toplumyna
bardylar. Ol ýerde döwlet ýolbaşçylary ahalteke bedewlerini synladylar hem-de
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Saparyň çäklerinde 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart
Tokaýew bilen ikitaraplaýyn duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky
meseleleriniň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň has
hem işjeňleşdirilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň agramly
bukjasyna gol çekilmegi göz öňüne tutulýar.