Volvo kompaniýasy 2025-nji ýyla çenli salon bezeginde täze materiala
geçmegi we adaty deriden hem-de emeli deriden ýüz öwürmegi
meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada www.ferra.ru habar berýär.
Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, deriniň ornuny tutjak material
Nordico diýlip atlandyrylýar. Ol plastik çüýşelerden, çakyr dykylaryndan we
Finlýandiýada hem-de Şwesiýada Volvo tarapyndan alynýan biomateriallardan
öndüriler. 2025-nji ýyla çenli Volvo gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine
doly geçmegi maksat edinýär.
Awtoöndüriji özüniň gelen netijesini janly tebigaty goramagyň ahlak we etiki
ýörelgelerine meýilliligi hem-de atmosfera kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny
azaltmaga ýykgyn edýänligi bilen düşündirýär. Meýilnamalara laýyklykda, 2025-
nji ýyla çenli täze Volvo Cars modellerinde 25% gaýtadan işlenen we biologik çig
maldan bolan materiallar ulanylar. Şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemegine
garşy göreş strategiýasynyň çäginde kompaniýa gönüden-göni üpjün edijileriň, şol
sanda material bilen üpjün edijileriň 2025-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän
energiýa çeşmelerinden doly peýdalanmagyny gazanmaga çalyşýar. Şeýle-de,
2030-njy ýyla çenli Volvo diňe elektrokarlary çykaryp başlar.
Bellenilişi ýaly, bir inedördül santimetr deri ulanylmajak ilkinji Volvo Cars
elektromobili C40 Recharge elektrik kupe-krossoweri bolar.