Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalyk pudagy hem yzygiderli
ösüşe eýe boldy. Ak bugdaýyň ýurdy bolan Garaşsyz döwletimizde şu ýyl
gallaçylarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan hem köp däne
tabşyrdylar. Bu ajaýyp netije zähmetsöýer daýhanlarymyzyň Garaşsyz
Watanymyzyň şanly baýramyna mynasyp sowgadydyr. Bu barada Halk
Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti aýratyn nygtady.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny döwlet tarapyndan
goldamagyň bitewi ulgamyna laýyklykda, her ýyl bu pudaga köp möçberde maýa
goýumlary goýulýar. Şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak,
topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, seleksiýany we tohumçylygy ylmy
esasda ösdürmek, oba hojalygyna has tygşytly tehnologiýalary, iň öňdebaryjy
ylmy-tehniki usullary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilýär.
Dünýäniň öňdebaryjy firmalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba
hojalyk tehnikalary, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlary yzygiderli satyn
alynýar. Türkmenabat şäherindäki himiýa kärhanasynda, Tejenkarbamid,
Marykarbamid we Garabogazkarbamid zawodlarynda, «Balkanabat» hem-de
«Bereket» ýod kärhanalarynda, «Maryazot» we «Garabogazsulfat» önümçilik
birleşiklerinde ýokary hilli mineral dökünler we himiýa önümleri öndürilýär.
Munuň özi zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, gallanyň we gowaçanyň,
şalynyňdyr gant şugundyrynyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny
ýetişdirmäge, azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam berýär.
Gadymy türkmen topragy suwarymly ekerançylygyň ilkinji mekanlarynyň
biri bolupdyr. Ata-babalarymyz bol hasyl berýän bereketli toprakda ýaşamak bilen,
ýeri işläp bejermegiň, suwa sarpa goýmagyň we ony tygşytly ulanmagyň nusgalyk
usullaryny bize miras galdyrypdyr. Suw damjasyny altyn dänesine deňäp, dag
jülgelerinden gözbaş alýan çeşmeleriň, ýaplaryňdyr akabalaryň suwuny tygşytly
ulanypdyr — diýip, türkmen Lideri Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde
ilkinji bolup, zeý suwlaryny toplaýan «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurup,
ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly garamak boýunça möhüm işleriň amala
aşyrylýandygyny bütin dünýä görkezendigimizi nygtady.