Electronic Arts korporasiýasy FIFA 22 oýnunyň saundtregini tanyşdyrdy. Bu
gezek onuň sanawynda öz taryhynda ilkinji gezek 27 ýurtdan bolan aýdymçylaryň
122 aýdymy bar. Bu barada championat.com habar berýär.
Sanawda sazandalardan Swedish House Mafia we DJ Snake & Malaa fransuz
dueti bolup, olar oýunda özleriniň täze aýdymlaryny hödürlärler. Awtorlar baş
menýuda Glass Animals, Bakar we CHVRCHES ýaly toparlaryň dürli žanrlara
degişli bolan 52 kompozisiýasyny ýerleşdirdiler. Netijede, oýunçylar hip-hop,
graým, elektronika ýaly žanrlarda 70 kompozisiýany diňläp bilerler.
Mundan başga-da, FIFA 22-de Ultimate Team üçin Swedish House Mafia, AJ
Tracey we DJ Snake tarapyndan döredilen ýörite toplumlar peýda bolar.
FIFA 22 PC, PS4, PS5, Xbox One we Xbox Series-de 1-nji oktýabrda satuwa
çykar.