Alymlar, immun ulgamy has güýçli bolan adamlaryň, gan toparyny
kesgitlediler: olarda interferon öndürmek ukybynyň artykmaçlygy bar.
Iň pes immun täsirini, ikinji gan toparynyň eýeleri görkezdi, olar dem alyş
kesellerine tarap has ýykgyn bolýarlar. Öwrenilen donorlaryň 40% -inde, wirus
ýokaşmasy wagtynda interferon öndürmek ukybynyň peselýändigi anyklandy.
Belok önümçiligi taýdan iň güýçli topar, dördünji gan toparynyň göterijileri
bolup, synag edilen adamlaryň 92% -inde belok gowy öndürilipdir. Ikinji ýerde –
birinji we üçünji gan toparlarydyr.