Dietolog-lukmany we iýmitleniş boýunça hünärmen Irina Lizun Sputnik
radiosynyň habarçylaryna bir bulgur kofeniň zyýanly bolup biljekdigini aýtdy. Bu
onuň, haçan içmelidigine baglydyr.
Hünärmen, kofeni aç garna içmeli däl diýip aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu
içgi şor kislotasynyň öndürilmegine itergi berýär. Eger ony aç garyna içsek, onda
iýmit siňdirmek üçin aşgazan suwy öndürilip başlaýar we aşgazana hiç hili iýmit
barmaýar. Aşgazan-içege ýagdaýlarynda meseleleri, bolan adam, şeýle ýagdaýda
agyr oňaýsyzlygy başdan geçirip biler.
“Aşgazanyň kislotasy köp bolan, esasanam gastrit bilen kesellän adamlarda,
bu ýagdaý, agyry, rahatsyzlyk, ýürek bulanmagyna sebäp bolup biler. Şonuň üçin
nahar bilen ýa-da nahardan soň kofe içmek hökmandyr "-diýip hünärmen aýtdy