BBC Science Focus neşiri, adamlardaky asgyrmak prosesiniň gyzykly
aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Köplenç asgyranymyzda ýüregimiziň urşy duran ýaly duýsak-da, ol beýle däl
diýip, Helen Pilçer aýdýar. Bu ýerde esasy zat, asgyranymyzda impuls wagtlaýyn
üýtgeýär, ýöne çalt öňki ýagdaýyna gelýär. Umuman, asgyrmagyň özi bedene oňyn
täsir edýär, sebäbi ol gyjyndyryjy täsirlerden, bedeni arassalaýar. Ýöne, demiňizi
tutmak ýa-da burnuňyzy gysmak ýaly hereketler bilen, asgyrmagy basyp ýatyrmak
howply bolup biler.
Kompýuter arkaly modelirleme wagtynda, asgyrmagy saklamagyň, howa
ýollarynyň basyşyny, 24 esse ýokarlandyryp biljekdigi anyklandy. Bu bolsa öz
gezeginde dürli şikeslere sebäp bolup biler: mysal üçin, gulak perdesiniň
ýarylmagy, burnundaky damarlaryň ýarylmagy ýa-da beýni anewrizmasynyň
ýarylmagy, diafragma howanyň girmegi.