Ýewropanyň Futbol assosiasiýalary birleşigi (UEFA) myhman toparlaryň
janköýerlerine ýewrokubok we milli ýygyndylaryň futbol oýunlaryna gatnaşmaga
rugsat berer diýip, Ýewropanyň futbol janköýerleri (FSE) guramasy Twitterde
habar berdi. Oýunlara eýýäm indiki hepdeden baryp görmek bolýar.
Ýöne münberlerdäki ähli adamlar ýurtlarda koronawirusyň ýaýramagy bilen
baglanyşykly kesgitlenen talaplary berjaý etmeli.
Öň, FSE birnäçe gezek UEFA-ny myhman toparlaryň janköýerleri üçin
ýewrokubok oýunlaryna gatnaşmak bilen bagly gadaganlygy ýatyrmaga çagyrdy.
Bu çagyryşa Ýewropanyň birnäçe öňdebaryjy kluby hem goşuldy. Şeýle çäreler
UEFA tarapyndan koronawirus pandemiýasy sebäpli kabul edildi diýip,
octagon.media belleýär.