Hytaýyň Szinçžou şäherinde, köp adamlaryň göwnüne ýaramadyk, Hytaýyň
meşhur goşun serkerdesi Guan Ýuýyň 58 metrlik, bürünçden ýasalan heýkeli
sökülýär.
Bahasy 26,3 million dollar bolan ägirt uly ýadygärlik 2016-njy ýylda guruldy,
ýöne ne ýerli ýaşaýjylaryň, ne-de merkezi hökümetiň göwnüne ýaramady. Olaryň
bir bölegi, altynsow Guan Ýuýyň heýkeli şäheriň daşky görnüşini zaýalaýar,
beýleki bölegi bolsa şeýle gymmat ýadygärligi bisarpalyk diýip atlandyrdy.
CCTV habar gullugynyň habaryna görä, heýkeliň eýesi, döwlet eýeçiligindäki
Szinçžou şäheriniň maýa goýum we syýahatçylygy ösdürmek topary, ýadygärligi
sökmek we göçürmek üçin ýene 23,9 million dollar sarp eder. Ägirt uly ýadygärlik
öňki ýerden 8 km uzaklykda ýerleşýän Dýansžýantae şäherinde, gurulmagy
meýilleşdirilýär.