Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersiteti bassyr altynjy ýyl “Times Higher Education” boýunça dünýädäki iň gowy 200 uniwersitetiň (The World University Rankings 2022) sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada RIA Nowosti habar berdi. "Angliýadaky Oksford uniwersiteti haýran galaýmaly durnuklylyk bilen bassyr altynjy ýyl sanawda iň ýokardaky orunda ýerleşdi, käbir beýleki üýtgeşmelere garamazdan, ilkinji onlugyň galan basgançaklaryndakylar hem bassyr ikinji ýyl üýtgewsiz galýar. Ilkinji onlukdaky ähli orunlary Amerikanyň Birleşen Ştatlary (8) we Birleşen Korollyk (2) eýeledi" diýlip, habarda aýdylýar. Şeýlelikde, ilkinji bäşlige Kaliforniýa tehnologiýa instituty, Garward uniwersiteti, Stenford uniwersiteti hem-de Kembrij uniwersiteti girdi. Ilkinji onlugyň galan orunlarynda Massaçusets tehnologiýa instituty, Prinston uniwersiteti, Berklidäki Kaliforniýa uniwersiteti, Ýel uniwersiteti hem-de Çikago uniwersiteti ýerleşdi.