«Türkmenportal» habar portalynyň habar bermegine görä, Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy aradan çykdy.

11-nji sentýabrda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde ýaşaýan, 121 ýaşly Türkmenistanyň we dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy Ajapsoltan Hajyýewa aradan çykdy.

Habar saýtyň bellemegine görä, Ajapsoltan Hajyýewa resmi taýdan dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alynmadyk bolsa-da, bar bolan resmi maglumatlara görä, dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysydyr. Portalynyň ozal hem birnäçe gezek habar berşi ýaly, häzirki wagtda dünýäde iň uzak ýaşly ýaşaýjy hökmünde rekorda giren ýaponiýaly Kane Tanaka 118 ýaşynda.

Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş 

institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.