7-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga başlan
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi
S.Berdimuhamedow bilen “Awaza” köpugurly sport toplumynda bolup,
bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.
Türkmen Lideri sport toplumynda oturdylan enjamlaryň birnäçesinde
bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli
meşgullanmagyň netijesinde beden taýdan taýýarlygyny görkezdi. Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi
S.Berdimuhamedow hem birnäçe beden maşklaryny ýerine ýetirdi.
Döwlet Baştutany sport maşklaryny tamamlap, bu ýerden Hazaryň ekologik
taýdan arassa kenaryndaky dynç alyş zolagynyň çäginden geçýän “Awaza”
derýasynyň kenaryna geldi we egindeşleri bilen çaý başynda Hazaryň türkmen
kenarynda amala aşyrylýan özgertmeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri barada
söhbetdeşlik gurady. Onuň dowamynda Hazar deňziniň gözel kenarynda uly
üstünlik bilen geçen giň möçberli halkara çäreleriň ähmiýeti, onda gazanylan
ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda, şol sanda Awazada geçirilýän
halkara çärelerde baýramçylyk konsertlerini geçirmäge üns berilmeginiň
ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, her bir çäräniň medeni maksatnamasy
taýýarlanylanda, oňa hemmetaraplaýyn esasda jogapkärli çemeleşilmelidir. Şeýle
hem çaý başynda deňizýaka sebitiň ekologik hem-de daşky gurşawy goramak
meseleleri, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy barada gürrüň
edildi.
Hazaryň kenarynda öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk, olaryň
guramaçylykly geçirilmegini üpjün edýän maksatnamanyň ugurlary boýunça pikir
alşyldy. Şunda tomus paslynyň dynç alyş möwsüminiň guramaçylykly
geçirilmeginiň meselelerine garaldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda ykdysadyýetiň ýangyç-energetika toplumynda
alnyp barylýan işler barada durlup geçildi. Türkmen Lideri Türkmenbaşy şäheriniň
Halkara deňiz menziliniň ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki
derejesini berkidýändigini aýdyp, ulag ulgamy boýunça guralan halkara çäreleriň
ähmiýetine ünsi çekdi.
Mälim bolşy ýaly, ýakyn wagtda ýurdumyzda bilim işgärleriniň döwlet
maslahaty geçiriler hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar
guralar. Şunuň bilen baglylykda, bilim işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň we
talyp ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli
geçiriljek dabaralaryň guramaçylyk derejesine uly üns berilmelidir.
Soňra döwlet Baştutany ajaýyp deňiz görnüşini hem-de Awaza derýasynyň
kenarynyň gözelliklerini synlady.